Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini has-da döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ylmyň soňky gazananlaryny, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen giň gerimli işler amala aşyrylýar we durmuşa ornaşdyrylýar.
Häzirki döwürde ösen sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşlerini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Şu nukdaýnazaryndan, döwrebap ösen innowasion sanly ykdysadyýeti ösdürmäge sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaklyga döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär hem-de yzygiderli esasda ösdürilýär.
Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmak babatynda ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda hem bu işleri durmuşa geçirmekde sanly elektron we ylym-bilim ulgamyny ösdürmek meselelerine aýratyn orun berilýär.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribelilik babatynda wideo-aragatnaşyk arkaly gurnalýan okuw sapaklary hem munuň aýdyň mysalydyr we sanly bilimi, sanly ykdysadyýeti, sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary öwretmegiň mümkinçilikleri babatynda alnyp barylýan işlerdir.
Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginde we barha kuwwatlanmagynda ýaşlaryň aň düşünjeli, oýlap tapyjy, dörediji bolup ýetişmekleri döwrüň möhüm talabydyr. Bu möhüm talabyň aýratynlygy ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň ösmeginde esasy hyzmaty ýerine ýetirýän bilim ulgamynyň bazar gatnaşyklary şertlerinde ösdürilmegi bilen şertlendirilýär. Sanly bilim ulgamy sanly milli ykdysadyýetiň möhüm düzüm bölekleriniň biridir.
Häzirki wagtda, ylym-bilim, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň ukyp başarnygyny açyp görkezilmegi üçin ähli şertler döredilýär. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýaşlary döwrebap okatmakda, olaryň gelejekde öz işleriniň hünär ussatlary bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan aýratyn edilýän aladalar üçin mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Suraý BAÝRAMDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň talyby.
Teswirler