GARAŞSYZLYK ― BAGTYŇ ÇÜWMESI

     Milletiň bagty çüwende şeýle bolýar: toýlary toýlara ulaşýar, baýram yzyna baýram sepleşýär. Biz muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy tutuljak «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýene bir ýola göz ýetirýäris. Bu toý eziz Diýarymyzda Aşgabadyň 140 ýyllygy, taryhda ilkinji gezek bellenilen Türkmen alabaýynyň baýramy we köp sanly beýleki toýdur-baýramlar bilen utgaşyp geldi.

     Birleşen Milletler Guramasy hut Türkmenistanyň teklibi bilen 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Dünýäniň iň iri guramasynyň bu çözgüdi şanly ýylyň ýurdumyzda hem «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň gözbaşy boldy. Parahatçylyk we ynanyşmak ― goşa ganat, goşa güýç. Olar bagtyýar ýaşaýşymyzyň goşa sütüni. Şu ýyldaky tutumly toýlar hut şu goşa güýjüň saýasynda toýlanýar diýsek, hakykatdan daş düşmeris.

     Şu ýerde döwletlilik toýumyzyň köp sanly täze binalaryň açylyş dabaralary bilen hem utgaşýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ýylyň ilkinji aýynda türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlan Akina ― Andhoý demir ýoly, Ymamnazar ― Akina we Serhetabat ― Turgundy optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki ― Şibirgan elektrik geçirijisi we Malaýda ýokary kuwwatly gaz gysyjy desgasy — bular Garaşsyzlygymyzyň şu ýyldaky ilkinji miweleridir. Şeýle-de, «Türkmenbaşy» we «Senagat» banklarynyň täze edara binalarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi Watanymyzyň şanyna şan goşjak toýa çenli paýtagtymyzda Hökümet münberiniň, «Arkadag» we «Garagum» myhmanhanalarynyň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň, Daşoguz, Türkmenabat we Balkanabat şäherlerinde her biri 3 müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň, Kerki howa menziliniň, Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyrynyň, Ahal welaýatynda iri dokma toplumlarynyň ikisiniň, Lebapda gaz turbinaly elektrik bekediniň we beýleki köp sanly möhüm ähmiýetli binalardyr desgalaryň açylyş dabaralary geçiriler. Bu dabaralaryň hersi öz başyna bir toýdur.

Yslamberdi TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok