Bu gezek Modeller öýleri bäsleşdiler

Mermer şährimiz Aşgabadyň şanly 140 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýünde  bäsleşik geçirildi. Bäsleşige ýerli Modeller öýleri gatnaşdylar. 

Modelleriň öýleri özleriniň ýokary hilli egin-eşikleri bilen çykyş etdiler. Bu ýerde çagalar we uly ýaşlylar üçin niýetlenen birnäçe kolleksiýalar hödürlendi.

Konkursda baýrakly orunlara  mynasyp bolan modeller öýleri:

I orun – Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýi;
II orun – “Mähirli zenan” modeller öýi;
III orun – “Nurland” modeller öýi;

Syýaguş MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok