Aşgabat bilen dogan şäherleriň gatnaşyklary

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Ak şäherimiz Aşgabat barada söz açylanda hormatly Prezidentimiziň «Aşgabat – suw çüwdürimleriniň, arassaçylygyň, aýdym-sazyň, söýgüniň şäheri» diýen sözleri ýadyňa düşýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň uly dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ak mermere bürenen paýtagtymyzyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, ynanyşmagy ýola goýmakda halkara hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrülmegi ýöne ýerden däldir. Aziýanyň Merjen şäheri Aşgabat özüniň baý taryhy, medeni mirasy şeýle-de häzirki zaman üstünlikleri bilen daşary ýurt işewürlerini, syýahatçylary, alymlary şol sanda bilermenleri-de özüne çekýär.

2020-nji ýylyň 25 – 29-njy iýulynda Türkmenistan Aşgabat we ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynyň Albukerke şäherleri özara bähbitli «dogan okaşan şäherler» hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygyny bellediler. Soňky 30 ýylyň dowamynda taraplaryň ikisi hem ýerli tansçylaryň, flamenko ýerine ýetirijileriň, suratkeşleriň, suw hünärmenleriniň gatnaşmagynda köp sanly çäreleri  gurady. Şäherara gatnaşyklaryň ösüşi barada Aşgabat-Albukerke Halkara dogan okaşan şäherleriň gaznasynyň başlygy Alana Mak Graton şeýle diýip belledi: «Iki şäheriň arasynda mähirli we myhmansöýerlikli köp gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu gatnaşyklar geljekgi alyş-çalyş meýilnamalary bilen dowam eder diýip umyt edýäris».

Türkmenistanyň paýtagty, döwletiň iň uly dolandyryş, syýasy, senagat, ylmy we medeni merkezi bolan Aşgabat şu güne çenli bilelikdäki hyzmatdaşlyk baradaky halkara şertnamalarynda aýgytly çykyş edýär. Ol ylalaşyklar esasynda dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň şäherleri we sebitleri bilen dogan şäherler gatnaşyklaryny ýola goýdy. Bu ugurda 1956-njy ýylda raýatlaryň arasyndaky aragatnaşyk arkaly halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin döredilen Bütindünýä Halkara dogan okaşan şäherler guramasy  (SCI – Sister Cities International) hereket edip, ol şäherara gatnaşyklaryny ösdürmekde birnäçe işleri alyp barýar. Bu gurama häzirki wagtda jemi 2000 şäher, şeýle-de, dünýäniň 140 ýurdy bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Halkara dogan okaşan şäherler (Sister Cities International) maksatnamasy ABŞ-nyň Prezidenti Duaýt Eýzenhaueriň 1956-njy ýylda döwlet diwanynda raýat diplomatiýasy konferensiýasynda eden çykyşy esasynda döredildi. Prezident Eýzenhauer ýer ýüzüniň dürli şäherlerindäki adamlaryň arasynda baglanyşyk döretmek arkaly parahatçylygyň we abadançylygyň merkezi bolup biljek bir guramany göz öňüne getirip, bu maksatnamany öňe sürdi. Gurama häzirki günde şäher derejesinde global hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni, ykdysady ösüşi höweslendirmek ugrunda işleri alyp barýar.

1990-njy ýylyň 25-nji iýulynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Meksiko ştatynyň Albukerke şäheriniň häkimi Luis Sawedra we Aşgabat şäheriniň häkimi Amangeldi Baýramow dogan okaşan şäherleriň Teswirnamasyna bilelikde gol çekdiler. Şol günden bäri iki şäheriň ýaşaýjylary maglumat tehnologiýalarynyň ösmegine, türkmen–amerikan kärhanalarynyň arasynda baglanşyk gurmaga, iki şäheriň tebigy, medeni baýlygyny we elogiýasyny goramaga gönükdirilen köp sanly alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşdylar.

Uzakmenzilleriň ýakynlaşýan hem-de ýurtlaryň arasyndaky baglanşygyň has ösýän şu döwründe ikitaraplaýyn aragatnaşyk üçin uly ähmiýeti bolan halkara alyş-çalyş maksatnamalary barha kämilleşýär. Türkmenistanyň Aşgabat şäheri bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Meksiko ştatynyň Albukerke şäheriniň biri-birinden uzakda ýerleşýändigine garamazdan, 1990-njy ýylda olaryň «dogan okaşan şäher» diýlip yglan edilmeginiň sebäpleriniň biri hem şäherleriň ekosistemalarynyň meňzeşligidir. Iki şäheriň ýaşaýjylarynyň dogan okaşan şäher bilen gatnaşyklaryny berkidýän köp umumy maksatlary bar. Dogan okaşan şäherler maksatnamasynyň çäginde Aşgabat bilen Albukerke şäherleri halyçylyk, zergärlik, atçylyk we maşgala däp-dessurlary ýaly umumy medeni gymmatlyklar babatda özara hyzmatdaşlygy saklaýan, şäherleri birleşdirýän başga bir aýratynlyk hem olaryň möhüm arheologiki mirasydyr. Indi bolsa, 30 ýylyň içinde iki şäheriň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň çygrynda geçirilen çäreleriň üstünde durup geçeliň.

2013-nji ýylyň 4-7-nji dekabry aralygynda Türkmenistandan 70-den gowrak sazandalar, tansçylar we medeniýet işgärleriniň gatnaşmagyndaABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Saparyň dowamynda Aşgabat, Albukerke dogan şäherleriň gatnaşyklaryny utgaşdyryjysy Oguljan Ýaňyň ýolbaşçylygynda birnäçe çäreler gurnaldy. Şäheriň «Şar» muzeýinde türkmen myhmanlary kabul edildi. Ondan soň, bu muzeýe gezelenç guraldy. Türkmenistanda iki ýyl ýaşan Albukerke dogan şäherler guramasynyň meýletinçisi Melli Maýers – gatnaşyjylaryň birbada 70-sini hormat bilen öýünde myhman aldy. Bu dabara Albukerkäniň 600-den gowrak raýaty, garaşylmadyk ýagdaýda gatnaşmaga geldi. Şeýle-de, bu çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministri Gunça Mammedowa, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdy. Saparyň iň soňky güni agşam Nýu-Meksikonyň Hyýat şäheriniň merkezinde türkmen sazandalarynyň we tans toparlarynyň çykyşy guraldy.

«Bu çykyşlarda gadymy halk aýdym-sazlary, halk tanslary, şeýle hem, häzirki zaman sazlary zehinli türkmen ýerine ýetirijileri tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Çykyşlaryň içinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklara hoşallyk hökmünde ýerine ýetirilen esasy tans we aýdym-saz şowhunly garşylandy» diýip, Aşgabat we Albukerke dogan şäherler gatnaşyklaryny utgaşdyryjysy Oguljan Ýaň belleýär. Täsirli geçen bu sapar barada Albukerke Halkara dogan şäherler gaznasynyň ýolbaşçysy Riçard Bakler: «Bu saparyň deňsiz-taýsyz üstünligi, Albukerke dogan şäherlerimiziň meýletinçileriniň zähmeti, yhlasy bilen mümkin boldy. Bu sapar dogan şäherlerimiziň Aşgabat şäheri we Türkmenistan ýurdy bilen gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uzak ýol geçer» diýip belläp geçdi.

2014-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Halkara dogan şäherler gaznasy Man şäherinde «Halkara çaý» dabarasy geçirilýär. Bu hakda Aşgabat – Albukerke Halkara dogan şäherler gatnaşyklaryny utgaşdyryjysy Oguljan Ýaň: «Her ýyl geçirilýän «Halkara çaý» dabarasy, bu gezek hem uly üstünlikli boldy. Dabaranyň dowamynda, Zambiýanyň Lusaka şäherinden ýörite sapar bilen gelen myhmanlar biziň dabaramyza goşuldy» diýip, ýatlamalarynyň birinde belleýär.

2014-nji ýylyň 22-24-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde Amerikan nakgaşy Diana Stetsonyň ýolbaşçylygynda türkmen we amerikan nakgaşlarynyň “Iki çölüň ykbaly”  atly sergisi geçirildi. «Hanym Stetson bu sergi üçin işleri saýlanda iki esasy maksady göz öňünde tutdy. Onuň birinjisi – iki ýurduň halklaryny ussat nakgaşlaryň işleri arkaly ýurtlaryň tebigaty bilen tanyşdyrmak we biri-birini has ýakynlaşdyrmak bolup durýar. Beýleki maksady bolsa, biziň hemmämize menzilleriň daş däldigini, daşky gurşawymyzyň nähili gymmatlydygyny ýene-de bir gezek ýatlatmak boldy» diýip, Halkara dogan şäherleriň gatnaşyklaryny utgaşdyryjysy Oguljan Ýaň belleýär.

 2016-njy ýylda Nýu-Meksiko uniwersitetiniň Mehaniki – inženerçilik ylymlarynyň professory, Halkara dogan şäherler gaznasynyň ilçisi Yu-Lin Şen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine syýahat edýär. Professor Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bolup, birinji ýyl talyplara “Hasaplama we häzirki zaman tehnologiýalary” temasy boýunça gysga sapak beripdi. Yu-Lin Şen öz sapagyny iňlis dilinde gürrüň berip, ýaşlaryň eýýäm birinji ýyldan iňlis dilini gowy bilýändiklerini buýsançly belledi. Ol talyplara okuwlaryny dowam etmekleri üçin, ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleriniň gapylarynyň hemişe açykdygyny aýtdy. Bular barada has giňişleýin öwrenmek isleýänler ashgabat@albuquerque-sister-cities.org elektron poçtasyna ýüz tutup bilerler.

Bulardan başga-da, 2020-nji ýylyň iýul aýynda medeni we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin Russiýanyň häzirki wagtda on dokuz şäher bilen birleşýän, Wolga derýasynyň kenaryndaky Kostroma şäheri Türkmenistandan özüne ekiz şäher gözleýär diýip, KOSTROMA.TODAY saýtynda habar berilýär. Ekiz şäher bolmak üçin Kostroma şäheri GDA-na agza döwletlerden – Türkmenistana, Azerbaýjana we Özbegistana ähmiýet berýär.

Bütindünýä ekiz şäherler federasiýasy 1957-nji ýylyň 28-nji aprelinde Fransiýanyň Aýks-les-Baýns şäherinde döredildi. Ekiz şäherler federasiýasy (dogan şäherler ýa-da ekizler şäher) iki dürli sebitde ýerleşýän ýurtlaryň arasynda şäherara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin döredildi. 1962-nji ýylda guramanyň başlangyjy bilen her ýyl apreliň soňky ýekşenbesinde Bütindünýä ekiz şäherler gününi bellemek kararyna gelindi. 1970-nji ýylda Ýewropanyň, Aziýanyň, Afrikanyň we Amerikanyň 50-den gowrak ýurdundan 1000 töweregi şäher Bütindünýä ekiz şäherler federasiýasyna goşuldy. Şeýle-de 2000-nji ýyla çenli 160-dan gowrak ýurtdan 3500-den gowrak şäher bu gurama agza boldy. Ekiz şäherler delegasiýasy, sungat we sport toparlary, sergiler, edebiýat, kinofilmler we şäherleriň durmuşy, şäher dolandyryş tejribesi barada maglumat alyşýarlar.

1974-nji ýylda Aşgabat şäheri Afrika yklymynda Mali döwletiniň paýtagty Bamako şäheri bilen ekiz şäherler gatnaşygyny ýola goýdy. Gözel Aşgabat şäherimiz Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheri bilen hem şeýle görnüşde hyzmatdaşlyk edýär. Özbegistanyň döwlet ýolbaşçysy Şawkat Mirziýowyň 2017-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistana eden iş sapary wagtynda şäher häkimliginiň arasynda dogan şäher gatnaşyklaryny ýola goýmak barada şertnama gol çekildi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 2017-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabat şäherine eden sapary wagtynda Mary şäheri bilen Orýol (Орёл) şäheriniň arasynda dogan şäher gatnaşyklaryny ýola goýmak barada şertnama baglaşdy.

2014-nji ýylyň aprelinde Ýaponiýa Ministrler Kabinetiniň ýörite geňeşçisi Isao Iijima Tokio we Aşgabat şäherlerine ekiz şäherler statusyny bermegi teklip etdi. 2017-nji ýylda Aşgabat Täjigistanyň Duşanbe şäheri bilen birleşdi.  Aşgabat häzirki wagtda Afiny, Ankara, Lanzhou (Hytaý), Aktau, Kiýew we Ýerewan ýaly daşary ýurt şäherleri bilen dogan şäherler boldy. 2018-nji ýylyň 23-nji awgustynda Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekowyň Türkmenistana eden döwlet saparynyň çäginde Aşgabat bilen Bişkek şäherleriniň arasynda dogan şäherler gatnaşyklaryny ýola goýmak barada şertnama gol çekildi.

140 ýyllyk şan-şöhraty altyn harplar bilen taryha ýazyljak ak şäherimiz Aşgabady dünýä tanadan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Seýli   ARYŞOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok