«MB Shoes» bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň meşhur kompaniýalarynyň biri bolan «MB Shoes» markasy arkaly tanalýan “Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýeti alyjylaryň arasynda erkek, zenan we çaga köwüşleriniň dizaýnyny döretmek boýunça konkurs yglan edýär. Bu barada Turkmenportal habarlar saýty habar berýär. Bilşimiz ýaly, bu kompaniýa 4 ugur boýunça öz işini alyp baryp, öndürýän köwüşleriniň köpdürliligi we arassa deriden taýýarlanylýandygy bilen ýurdumyzda özüni tanadyp gelýär.

Konkursyň çäginde ähli isleg bildirýänler köwüşleriň dizaýny, amatlylygy, bezegi boýunça «MB Shoes» köwüş kompaniýasyna öz tekliplerini hödürläp bilerler. Bu boýunça pikirlerini muhammet-balkan@mail.ru elektron poçtasyna ýa-da Instagram akkaundyna ugradyp bilerler.
Konkursda ýeňiji bolanlara «MB Shoes» HJ tarapyndan öz dizaýny boýunça taýýarlan köwşüne mynasyp bolar. Siziň ähliňizi bu konkursa gatnaşmaga çagyrýarys.

Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok