Dil hepdelikleriniň ähmiýeti

Dil öwrenmegiň gymmaty häzirki zamanda öňde goýlan maksada ýetmegiň ädimidir. Ykdysady, ylmy-tehniki we ruhy taýdan gatnaşyklaryň şertinde iňlis, rus, nemes, fransuz, arap dilleri milletara aragatnaşyk dili hökmünde jemgyýetçilik durmuşyna girdi. Milli ösüşiň we özara baýlaşmagyň möhüm alamaty bolmak bilen, bu diller ylmyň, tehnikanyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny özleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda ähli bilim ojaklary bilen birlikde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Dünýä tejribesine laýyklykda, daşary ýurt dilleri okuw meýilnamalarynda we okuw maksatnamalarynda kämilleşdirilip, olaryň öwredilişiniň hili ýokarlanýar. Şu maksat bilen, institutda dil hepdelikleri, açyk sapaklar we beýleki sapakdan daşary medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

Dil hepdelikleriniň çäginde institut baradaky maglumatlar görkezilýär, onuň teswirlemesi bolsa haýsy dilden hepdelik geçirilýän bolsa, şol dilde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan kitaplarynyň şol dildäki terjimelerinden düzülen kitaplarynyň sergisi guralýar. Bu bolsa hepdeligiň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Hepdelikde talyplar hepdeligiň dilinde aýdymlary, goşgulary ýerine ýetirýärler. Talyp ýaşlaryň arasynda hepdeligi gyzyklandyrmak üçin bäsleşikler yglan edilip, ýeňijiler bu ýokary okuw mekdebiniň sowgatlaryna mynasyp bolýarlar.

Talyplaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri diňe okuw-usuly işleriň çäginde bolman, okuwdan daşary geçirilýän çärelerde hem amala aşyrylýar. Olaryň daşary ýurt raýatlary bilen tanyşlyk açmaklary, öz aralarynda tejribe alşyp, birek-biregiň medeniýetini, däp-dessurlaryny içgin öwrenmek babatdaky mümkinçilikleri ýokarlanýar. Netijede, sözleýiş kämilleşýär.

Dil hepdelikleri we beýleki çäreler ýaşlara dil öwretmekligiň döwrebap usullarynyň biridir. Galyberse-de, öwretmegiň usullarynyň çägi ýokdur, olar köp dürlüdir. Olardan iň peýdalylaryny saýlap almak mugallymyň başarnygyna baglydyr. Esasy maksat talyplara hünäriniň çäginde öz ene dillerinden başga-da, daşary ýurt dillerini ussatlarça ulanmagy öwretmelidigi bellidir.

Ýokary derejede guralýan medeni çäreler ýaşlaryň dil öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar. Giň dünýägaraýyşly, döwrebap, dünýä derejesine laýyk bilimli bolýan ýaşlara ähli mümkinçilikler döredilendir.

Gülçehra GAPPAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok