Zirkiň peýdasy

Zirk — iň gadymy dermanlyk ösümlikleriň biridir. Ony lukmanlar köp ýyllardan bäri ulanyp gelýärler. Zirkiň  diňe miwesi däl, eýsem  agajynyň gabygy, ýapraklary, köki we miwesi hem dürli derdiň dermanydyr.

Zirkiň peýdalary:

– bagyr we öt haltasyny arassalaýar;
– gyzgyny peseldýär;
– iýmit siňdiriş bozulmalaryny aýyrýar;
– içege ýokançlyklaryny bejerýär;
– üsgülewigi aýyrýar;
– aşgazany güýçlendirýär;
– işdäňi açýar;
– agyzdaky ýaralary ýok edýär;
– gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar;
– guragyryny we bogun agyryny aýyrýar.

Häzirki wagtda zirkiň miwesinden bal, şerbet taýýarlanylýar. Bolgar, tibet we mongol lukmançylygynda bolsa, zirkden gaýnadylan içgini aşgazany, dalagy, içgeçmäni bejermekde peýdalanýarlar.

Meňli TAGANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok