Halkara intellektual eýeçiligiň güni

Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy (WI­PO) Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasydyr. WI­PO (World Intellectual Property Organization) intellektual eýeçiligi goramak boýunça halkara guramalarynyň biridir. Ol 1893-nji ýylda geçirilen diplomatik konferensiýasynda  esaslandyryldy. 1967-nji ýylda Stokgolmda WI­PO-nyň döredilýändigi barada konwensiýa gol çekildi. Onuň ştab-kwartirasy Ženewada (Şweýsariýa) ýerleşýär. WI­PO 1974-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy boldy.

Häzirki wagtda 193 ýurt Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň agzasydyr. Bu bolsa dünýä ýurtlarynyň 90%-den gowragy­ diýmekdir. Ondan başgada guramanyñ resmi dilleri bar(Inlis, arap, ispan, hytaý, rus, fransuz). Daren Tang 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan bäri guramanyň baş müdiri wezipesini ýerine ýetirýär.

Guramanyň esasy wezipeleri:

  • Bütin dünýäde intellektual eýeçiligi goramak we bu ugurda milli kanunçylygyň sazlaşygyny gowulandyrmak;
  • Intellektual eýeçilik pudagynda halkara kanunlaryny we kadalaryny ösdürmek;
  • Pariž we Bern bileleşiginiň dolandyryş wezipelerini berjaý etmek;
  • Intellektual eýeçilik pudagynda tehniki we hukuk kömegi bermek;
  • Maglumatlary ýygnamak we ýaýratmak;
  • Gözleg geçirmek we netijelerini neşir etmek;
  • Intellektual eýeçiligiň halkara goragyny ýeňilleşdirýän hyzmatlary üpjün etmek.

1998-nji ýyldan başlap, WI­PO-nyň Bütindünýä akademiýasy intellektual eýeçiligi goramak boýunça şu wagta çenli işgärleri taýýarlaýar. Akademiýada internet arkaly bilim almaga mümkinçilik berýän distansion okuw merkezi hem bar. 1994-nji ýylda WI­PO-nyň arbitraž we araçylyk merkezi döredildi.

Türkmenistan hem 1995-nji ýyldan bäri guramanyň doly hukukly agzasydyr. 2015-nji ýylyň awgust aýynda “Türkmenistanda 2015–2020-nji ýyllar üçin intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasy” herekete girizildi. Intellektual eýeçiligiň milli ulgamynyň hereket edýän döwründe daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda ägirt uly işler ýerine ýetirilýär.

2015-nji ýylda Türkmenistan 1999-njy ýylyň senagat nusgalaryny halkara taýdan bellige almak hakyndaky Gaaga ylalaşygynyň Ženewa namasyna we olimpiýa nyşanlaryny goramak boýunça Naýrobi şertnamasyna hem goşuldy. 2016-njy ýylda bolsa edebi we çeper eserleri goramak boýunça Bern Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu ulgamdaky kanunçylygy halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek boýunça ýurdumyzda birnäçe işler amala aşyrylýar.

.

Japarguly AHMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara Gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok