Ýere iň ýakyn we örän kiçi gara girdabyň üsti açyldy

Alymlar Ýere iň ýakyn we şu wagta çenli açylan iň kiçi gara girdabyň üstünden bardylar. Gara girdap, Ýerden takmynan 1500 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Tebigy açyş Ohaýo döwlet uniwersitetiniň alymlary tarapyndan amala aşyryldy. Bu täze açylan gara girdap “The Unicorn” diýlip atlandyryldy.

“The Unicorn” näçe kiçi bolsa-da Günden 3 esse ulydyr. Şeýle-de bolsa, beýleki gara girdaplar bilen deňeşdirilende gaty kiçi bolmagyna galýar. Alymlar bu açyşy ýörite etmediler. Ýagny, birnäçe teleskop arkaly toplanan maglumatlar gözden geçirlende, tötänleýin üstünden baryldy.

Bu gara girdabyň kiçi göwrümli bolmagy, astronomiýa gözleglerinde möhüm ähmiýete eýedir.

Hanaly GURBANMYRADOW,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok