Türkmen talyplarynyň halkara matematika olimpiadasyndaky üstünlikleri

2021-nji ýylyň 18-nji aprelinde Sankt-Peterburgyň informatika tehnologiýalary, mehanika we optika barlaglary milli uniwersitetiniň guramagynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň VII Matematika olimpiadasyna (NCUMC-2021) ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp, uly üstünlikleri gazandylar. Olimpiada dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň   40-syndan jemi 350-den gowrak talyp gatnaşdy. Şol sanda, ýurdumyzdan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet energetika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň telekomunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag komunikasiýalar institutynyň wekilleri gatnaşyp, olaryň 7-si birinji we 26-sy baýrakly orunlary eýelediler.

 Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu halkara bäsleşigine institutymyzyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Arazgül Ballyýewa, 3-nji ýyl talyby Akmyrat Tirkeşow, şeýle hem şol fakultetiň  4-nji ýyl talyby Tawus Ballyýewa gatnaşyp üstünlikli çykyş etdiler. Matematika boýunça geçirilen halkara olimpiadasynda talyp deň-duşumyz Akmyrat Tirkeşowyň ýokary netije görkezip, birinji orna we Arazgül Ballyýewanyň höweslendiriji orna mynasyp bolmagy örän guwandyryjydyr.

Gurbandurdyýew Dowletmyrat
TDIM HGI-niň talyby

Çeşme: https://iuhd.edu.tm/competition/44

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok