Zehiniň joşguny

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ynha bu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, Türkmen Döwlet medeniýet instituty we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilelikde bu ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Zehiniň joşguny” ady bilen bäsleşik yglan edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhyny, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, ýokary okuw jaýlarynyň dürli ugurlarynda okaýan talyplaryň döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmak hem olaryň gözýetimlerini giňeltmek, täze zehinleri ýüze çykarmak hem-de olara höwes döretmek, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen talyp ýaşlaryň arasynda goşgy düzmek we çeper okamak boýunça bu bäsleşigiň 1-nji tapgyry okuw jaýymyzyň öz içinde geçirildi. Bäsleşige Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kefedrasynyň uly mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Gözel Aýnazorowa, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň “Žurnalistika” kafedrasynyň uly mugallymy Gülsün Çaryýewa we “Nesil” gazetiniň bölüm müdiri Enejan Annadurdyýewa  emin agza bolup gatnaşdylar.

Bäsleşigiň şerti boýunça talyp ýaşlar öz döreden goşgularyndan 3-5 sanysyny ýatdan çeper we Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan bir sanysyny ýatdan labyzly okadylar.  Okuw jaýymyzyň talyp ýaşlary bäsleşigiň esasynda öz başarnyklaryny uly joşgun, hyjuw bilen ýerine ýetirip, diňleýjileriň göwnünden turdylar. Emin  agzalarymyzyň adalatly baha bermekleri bilen 3-nji orna Keýik Artykowa, 2-nji orna Aýjemal Kakadurdyýewa, 1-nji orna Sapa Sapaýew dagylar mynasyp boldylar we jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşikde aýdym sazlar bilen hem çykyşlar boldy!

.

Doýduk Öwezberdiýewa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok