Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen ýaşlarynyň iş bilen üpjünçilik meselesine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň esasynda ýurdumyzyň zähmet bazarynyň halkara ülňülerine laýyklykda döwrebap ösdürilmegi netijesinde, ilatyň iş bilen üpjünçiligi meselesi babatynda örän kämil kanunçylyk binýady döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly adyl syýasaty netijesinde Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň kanuny 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girdi. Ýedi bapdan we 37 maddadan ybarat bolan bu kanun ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitläp, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilýär hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça meýilleşdirilen toplumlaýyn çärelere we wezipelere laýyklykda, 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň https://mlsp.gov.tm salgyly resmi internet web saýtynyň binýadynda «Iş üpjünçilik» bölümi döredildi. Bu bölüm boş iş orunlary, şeýle hem boş iş orunlary baradaky maglumatlary özünde jemlemeklik bilen zähmet bazarynyň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklary sazlaşdyrýar. https://mlsp.gov.tm web saýtynyň «Iş üpjünçilik» bölüminiň üsti bilen iş gözleýän raýatlar, bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlar bilen tiz wagtda tanyşmaklyk, iş berijiler bolsa gerekli hünärmen baradaky maglumatlary öwrenmeklik we saýlamaklyk mümkinçiligine eýe bolýar. Bu bölümde her aýyň ahyrynda boş iş orunlary baradaky täze maglumatlar iş gözleýänleriň dykgatyna ýetirilýär. Munuň özi sanly ulgam arkaly ýurdumyzda zähmet serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge ýardam berýär we zähmete ukyply raýatlaryň işe ýerleşmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýär.
Nuriýa TOLIBOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň talyby.
Teswirler