Türkmenistanda 2021-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi saýlanyldy

Anna güni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisini sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan bu halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan ahalteke bedewleriniň iň gowularynyň 10-sy gatnaşdy.

Olaryň her birini eminleriň öňünden geçip, birinji gezek at esbapsyz, ikinji gezek bolsa doly esbaplara hem-de şaý-seplere beslenen bedewler geçdiler.

Bäsleşigiň düzgünine laýyklykda, bedewleriň ählisi tertip boýunça emin agzalaryna we tomaşaçylara görkezildi: olaryň ady, ýaşy, nesil ugry, eýesi barada maglumatlar berilýär.

«2021-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Ary we Altynbaş diýen bedewleriň neslinden bolan hem-de meşhur Skak diýen atyň nesil ugruna degişli Aýgytly diýen bedewi mynasyp boldy. Ony seýisläp ýetişdiren Çarymyrat Ballyýewe Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş baýragy — “Lexus” awtoulagy, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.

Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi türkmen atlarynyň şanyna guralýan baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň biridir. Onuň baş maksady atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegini höweslendirmekden, baý milli medeni mirasyň möhüm bölegi hökmünde bu bedewlere dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.

Dünýäde iň gowy tohumlaryň biri hökmünde ahalteke bedewleri türkmen halkynyň buýsanjydyr we şöhratydyr. Köp müňýyllyk taryha eýe bolan behişdi bedewler täsin, nepis syna gurluşy, çeýeligi hem-de çalasynlygy bilen diňe bir Türkmenistanyň däl-de, dünýäniň hem genji-hazynasynyň gymmatlygy hasaplanylýar.

Resul Durdyýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok