Döredijilik gezelenji geçirildi

23-nji aprelde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda döredijilik gezelenji gurnaldy.  Bu gezelenje Türkmen bedewiniň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanylyp geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri, döredijilik işgärleri, aýdym-saz ussatlary şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik işi bilen meşgullanýan talyp ýaşlary gatnaşdylar. Döredijilik gezelenji Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginden ugur alyp paýtagtymyz Aşgabadyň iň gözel künjeklerinde dowam etdi.

Aşgabadyň ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gözbaşynda bina edilen “Türkmen alabaýy” heýkeline baryp, ol ýerde birnäçe ajaýyp aýdym-sazlary, şygyrlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Gezelenjiň dowamy Ahal welaýatynyň “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetinde dowam etdi. Çärä gatnaşyjylar bu ýerde türkmen alabaýlarynyň saklanylyşy, olaryň iýmitlendirilişi we ideg edilişi barada, zähmet çekýän işgärler tarapyndan gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyryldy.

Gezelenç Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde jemlendi.

Gytja ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok