Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi. Bäsleşikde Halkara gatnaşyklary, Halkara hukygy, Halkara ykdysady gatnaşyklary, Halkara žurnalistikasy fakultetinden saýlanan talyp ýigitler özara bäsleşdiler. Institutyň talyp ýigitleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýurdumyzyň talyp ýigitleriniň arasynda guraýan bu döredijilik bäsleşiginiň ýörite taýýarlanan düzgünnamasy esasynda düzülen üç şert boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda talyp ýigitler özüniň saýlap alan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş arkaly wasp etdiler. Ikinji şerte görä “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly bilen baglanyşykly talyp ýigitler özleriniň döredijilige hem-de sungata bolan ukyby bilen türkmen ýigidine mahsus ajaýyp häsiýetleri açyp görkezdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyndan tekstleri okadylar we kitapdaky Şükür bagşynyň keşbi boýunça sahna oýnuny ýerine ýetirdiler. Soňky şert boýunça talyp ýigitler ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.

Emin agzalaryň gelen netijesine görä Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Baýnazar Nepesow “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginde baş baýraga mynasyp boldy. Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby Rahym Şameýew birinji, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby Berdinyýaz Goňurow ikinji, Halkara hukugy fakultetiniň talyby Beggeldi Gutlyýew üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolan talyp ýaşlara bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok