NASA-nyň beren beýanyna görä, Marsa goýberilen “MOXIE” atly ulagy Marsyň atmosferasyndaky kömürturşy gazyny kisloroda öwürmegi başardy. “NASA” bu barada düýn resmi web sahypasynda beýannamany paýlaşdy. Alymlar bu taryhy wakany başga planetada amala aşyran ilkinji işdigini mälim etdi.
“NASA”-nyň “MOXIE” ulagy karbondioksiti gysyp, kisloroda öwürýär. Kömürturşy gazyny kisloroda öwürmek prosesi diňe bir kosmonawtlaryň Marsda dem almagy üçin däl, eýsem Ýerden Marsa ýangyjyň yzyna gaýtarylmagynyň zerurlygyny aradan aýyrmak üçin hem möhümdir.
Alymlaryň aýtmaklaryna görä, bu enjam 25 tonna kislorod öndürmäge ukyplydyr. “MOXIE” ulagy Marsda 5 gram kislorod öndürdi, bu bolsa bir kosmonawtyň 10 minut dem almagy üçin ýeterlikdir.
Murat ASTANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler