Sues kanalynyň petiklenmegi ulag geçelgesiniň ähmiýetini ýüze çykardy

Dünýäniň iň möhüm söwda ýollaryndan biri bolan Sues kanalyny, “Ever Green” atly ýük gämisi birnäçe gün bäri petikledi.

400 metre ýetýän “Ever Green” ýük gämisini çykarmak üçin birnäçe işler geçirildi we ahyrsoňy çykaryldy. Kanalyň petiklenmegi netijesinde 321 sany kiçi ýük gämisi suwda garaşmaly boldy.

Emeli usulda döredilen Sues kanaly dünýädäki deňiz ýük dolanyşygynyň 7 göterimini öz içine alýar. Birnäçe gün bäri kanalyň petiklenmegi bolsa, bu ulag geçelgesiniň ähmiýetiniň ululygyny görkezdi.

Allaýar SEÝITLIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok