Sanly özgeriş — häzirkizaman dünýäsinde global ösüşiň iň kämil döwrebap usulydyr. Bu usul bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilip, meşhurlyga eýe bolan global üstünlikdir. Hut şu nukdaýnazardan-da, häzirkizaman dünýäsiniň her bir döwleti özüniň köpugurly ösüş meýilnamasyny sanly özgeriş bilen sazlaşykly alyp barýar. Sanly özgeriş bolsa, dünýä döwletleriniň hemmesine BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin niýetlenilen durnukly ösüş maksatlaryna üstünlikli ýetmeklikleri babatynda çäksiz ýeňillikleri, zerur bolan ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýär. XXI asyryň örän kämil derejede ösen şu döwründe bütindünýä halklary halk hojalygynyň ykdysady pudaklarynyň ählisine häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmaklyk bilen, sanly özgerişi başdan geçirýärler. Bütindünýä jemgyýetçiliginde durmuşyň dürli ugurlaryndaky ykdysady amallar, pul dolanyşygy sanly usulda amala aşyrylýar.
Ata Watanymyz Türkmenistanyň hem, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda häzirkizaman dünýäsiniň global ösüşi bilen deň gadam basyp, döwrebap sanly özgeriş bilen aýakdaş gitmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigini bütin ýer ýüzüne ykrar edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli, ýaňy-ýakynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda ulanylmaga berlen desgalar — «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň täze binalary häzirkizaman dünýäsiniň döwrebap sanly tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän her binanyň häzirkizaman dünýäsiniň döwrebap sanly tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisinde Halk Maslahatynyň «Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky» komitetini döretmekligi hem, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ykdysady pudaklarynda, medeniýet we bilim edaralarynda sanly ulgamy ösdürmeklik we onuň kämil hukuk binýadyny emele getirmeklik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Eneş ANNAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler