Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda iňlis dili dünýä dilleriniň biri bolup durýar. Halkara iňlis diliniň güni her ýylyň 23-nji aprelinde bellenilýän halkara baýramçylyklaryň biridir. Bu baýram BMG-niň Jemgyýetçilik maglumatlary bölümi tarapyndan 2010-njy ýylda “Köp dilliligi we medeni dürlüligi bellemek, şeýle hem BMG-nyň alty resmi diliniň deň derejede ulanylmagyny goldamak” üçin döredilýär. Birleşen Milletler Guramasy senenama boýunça resmi dilleriň her birini aýratynlykda bellemek üçin hersine belli bir güni belledi.
Iňlis diliniň bellenilen senesi – 23-nji aprel beýik iňlis şahyry, ýazyjysy, dünýäniň iň meşhur dramaturgy William Şekspiriň doglan güni bilen baglanyşyklydyr. Ol iňlis edebiýatynyň agramly bölegi onuň döreden ajaýyp eserleri bilen baýlaşdyrylandyr. Eserleriniň arasynda “Romeo we Julietta”, “Otello”, “Gamlet, Daniýanyň şazadasy”, “Korol Lir” we başga-da köpsanly eserleri ýer şarynyň islendik medeniyetli ýaşaýjysyna mälimdir. Iňlis diliniň giňden ulanylmagy bilen, Şekspiriň eseriniň muşdaklarynyň köpüsi onuň kitaplaryny asyl nusgada okaýarlar. Häzirki wagtda iňlis dilini “Dünýä dili” hasaplanmak bilen, onlarça ýurtda bir milliarddan gowrak adam iňlis dilinde gürleýär. Bu diňe bir iňlisleriň däl, ABŞ-nyň, Irlandiýanyň, Kanadanyň, Maltanyň, Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň ýaşaýjylarynyň dilidir. Şeýle hem, iňlis dili Aziýanyň we Afrikanyň käbir ştatlarynda resmi dili hökmünde ulanylýar.
.
Muhammetaly ALLAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler