Gülläp ösýän ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar şatlykly hem bagtly pursatlar bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy uludan toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzy bezäp-besleýär. Nesibe baýlygyna gol beren halkymyzyň altyn ykbalyna bagt paýyny eçilen Garaşsyzlygyň hil taýdan täze tapgyrynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan beýik ýeňişler, uly üstünlikler ählimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Garaşsyzlyk – türkmeniň nurly daňy, gülüp dogan bagt kuýaşy. Ine, bu ýyl şol nurly daňyň atyp, bagt güneşiniň dogup, il-günüň kalbyna, ýoluna, ykbalyna nur çaýyp gelýänine otuz ýyl dolýar. Bu ýyllaryň içinde türkmen milleti ata-babalaryndan geçen kämil paýhasy, milli edim-gylymlary bilen şöhratlanyp, Ýer ýüzünde dünýä nusgalyk döwlete öwrüldi.
Türkmen «döwletlilik» sözüne aýratyn sarpa goýýar. Bu düşünje erkinligi, abadançylygy, rysgal-bereketliligi, maddy hem ruhy bagtyýarlygy öz içine alýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmeniň döwletliligi has-da artdy. Garaşsyzlyk halkymyzyň ruhy dünýäsini, dilini, medeniýetini, sungatyny milliligiň röwşen hem nurly ýoluna gönükdirdi.
Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Ol ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr.
Garaşsyzlyk ýurduň parahatçylygydyr, halkymyzyň eşretli zamanasynyň bagt wysalydyr. Garaşsyzlyga guwanmak – Watanyňa, bagtyňa guwanmakdyr. Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gudraty bilen gazanýan ýeňişlerimiziň, ýetýän belent sepgitlerimiziň dowamy dowamat bolsun!
Baýmuhammet ÝAZMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler