Aşgabat – rowaçlygyň wysaly

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Ak mermerli Aşgabat Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň öň hataryny çekmek bilen, özüniň ajaýyp binagärlik keşbine eýe boldy. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üsti özboluşly desgalar, şol sanda iri ýaşaýyş jaý toplumlary bilen ýetirildi. Milli Liderimiziň täzeçillik strategiýasy netijesinde türkmen paýtagty häzirki zaman, okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin amatly şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyran häzirki ajaýyp zamanasynda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe akşäherimiz Aşgabat görlüp-eşidilmedik derejede özgerdi. Täze binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary, awtomobil ýollary, seýilgähler, bezeg baglary… Aşgabat dünýäniň owadan, iň arassa, ýaşaýyş üçin juda amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Beýik gurluşyklar paýtagtymyzyň mundan beýläk hem ösýändigini, bu ugurdaky işleriň üznüksizdigini görkezip dur.

Hormatly Prezidentimiz islendik desga gurlanda, gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny, seýsmiki durnuklylygyň, ygtybarlylygyň, uzak möhletleýinligiň ölçeglerine kybap gelmegini talap edýär, şäher düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy tehnologiýalary, iň gowy dünýä tejribesini akylly-başly, düşünjelilik bilen ulanmagyň möhümdigine ünsi çekýär. Aşgabadyň gözelliginden, abadanlygyndan, ýaşaýjylarynyň rahatlygyndan, eşretli durmuşyndan bütin ýurduň ýagdaýyny bilmek mümkin. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Berkarar Watanymyzyň paýtagty köp babatda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, at-abraýyny görkezýär.» – diýip örän jaýdar belleýär. Hakykatdan-da, paýtagt şäherimiziň bu günki galkynyşy ähli ösüşlerimize gözbaşdyr.

Akgül AMANSÄHEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok