23-nji aprel – Halkara kitap we awtorçylyk hukugy güni

1995-nji ýylyň 15-nji noýabrynda ÝUNESKO-nyň 28-nji mejlisinde Halkara kitap we awtorçylyk hukugy güni yglan edildi. Şondan bäri bu güni bellän ýurtlaryň we guramalaryň sany yzygiderli artýar, sebäbi bu gün  möhüm ugurda bolup geçýän wakalary öwrenmäge we düşünmäge ajaýyp mümkinçilik berýär.  Bu gün baradaky karar  medeni däp-dessurlary öwretmek we ösdürmek maksady bilen, şeýle hem kitaplaryň bilimleri ýaýratmagyň iň möhüm serişdesi bolup hyzmat edýändigini  we gymmatly maglumatlary gorap saklamagyň iň ygtybarly usulydygyny göz öňünde tutmak bilen kabul edildi.

ÝUNESKO 1-nji aprelden 23-nji aprel aralygynda Halkara  kitap we awtorçylyk hukugy gününiň çäginde kitabyň  ähmiýetini görkezmek üçin dürli çäreleri alyp barýar. Bu güni, ÝUNESKO we hökümetler tarapyndan goldanýan hünärmen guramalar tarapyndan 2000-nji ýylda başlanan nobatdaky başlangyç döwletleriň arasyndan  Halkara kitap gününiň paýtagtyny saýlanmagy üçin ýol açdy. Kitap gününi bellemekde başlanan tagallalar,  ýylyň dowamynda öz işlerini netijeli dowam etdirmek üçin her ýyl şäher saýlaýar. Dünýäniň her sebitinde diýen ýaly şäherler baýramçylyk fakelini biri-birine geçirip, kitap üçin has giň medeni ýerler saýlanyp alynýar.  2021-nji ýylyň 23-nji aprelinde, Halkara kitap we awtorçylyk hukugy gününiň bellenilýän güni Tbilisi şäherine geçer.

Kitap güni ýüzden gowrak ýurtda ýüzlerçe dürli birleşikde jemlenen millionlarça adam tarapyndan bellenilýär. Bu uzak wagtyň dowamynda Halkara kitap we awtorlyk hukugy güni dürli medeniýetlerden, ähli yklymlarda köp sanly adam bilen kitap dostlaşdy;  awtorlyk hukugyny goramagyň güýçlenmegine hem goşant goşdy. Olara bilimiň göterijisi, gymmatlyklaryň görkezijisi, maddy däl mirasy goraýjy, birine öwrenmäge mümkinçilik berýän  kitabyň köptaraply roly bilen baglanyşykly ähli zady tapmaga, baha bermäge we has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berdi. Bu gün medeniýetleriň dürlüligini we awtorlyk hukugy astynda goralýan döredijilik işiniň çeşmesi hökmünde halkara derejesinde bellenilmeginde aýratyn orna mynasyp boldy.  

.

Nowruz HOJAMBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok