Zähmeti goramak-sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir

 “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň  bilelikde gurnamagynda “Zähmeti goramak-sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir” atly talyp ýaşlaryň arasynda  haýyr-sahawat, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Baýramow Hanaly Ataberdiýewiç, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş, zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň tehniki gözegçisi Sahatmyradowa Tawus, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Dolandyryş-hojalyk müdirliginiň Hojalyk bölüminiň başlygy Awganow Bekdurdy gatnaşyp, edara-kärhanalarda, her bir iş ornunda, talyplar ýokary okuw mekdebinde zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişini barlap öwrenmek, ýol-ulag we ýangynyň döremegi bilen bolup geçýän hadysalaryň öňüni almak, tehniki we ekologiýa howpsuzlygynyň doly berjaý edilişini gazanmak, zähmeti goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine ünsi güýçlendirmek, institutyň talyplaryna we işgärlerine arkalaşyk kömegini bermek, berkidilen meýdançalarda köpçülikleýin bag ekmek we abadanlaşdyryş işlerini geçirmek, umumy ýaşaýyş jaýlarynda, okuw otaglarynda ulanylýan tehniki enjamlar bilen işlemegiň tehniki howpsuzlygy barada giňişleýin çykyşlarda giň manyly belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda döwlet howandarlygyndaky okaýan talyplara institutyň Kärdeşler arkalaşygynyň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

Şunuň bilen birlikde talyp-ýaşlara Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzy gülledip ösdürmek, Hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini hem arzuw etdiler.

Baba Myratberdiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Okuw bölüminiň esasy
hünärmeni, institutyň Kärdeşler
arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok