Şu gün Türkmenistanyň halk artisti Orazmyrat Gummadow aradan çykdy. Öz ömrüni teatr we kino sungatyna bagş eden bu ynsan 80 ýaşynda ony ahyrlady. Has dogrusy, halypa 1941-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda eneden bolýar. Ýaşlygyndan zehinini we sungata söýgüsini äşgär eden Orazmyrat Mary welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň teatrlarynyň sahnalarynda we telestudiýasynda işleýär. Soňra bolsa 1964-nji ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatr sungaty institutyny we 1973-nji ýylda Bütinsoýuz kinomatografiýa institutyny tamamlaýar. Şeýlelikde, halypanyň döreden, tomaşaçylarynyň aňynda öçmejek keşpleriniň iň esasysy, bilşimiz ýaly “Ajaýyp” kinofilmindäki “Garagijeniň” keşbi bolup durýar. Ondan başga-da halypa aktýoryň sahnada we filmlerde döreden keşpleri sanardan kändir. Halkara Taşkent kinofestiwalynda bolsa, ol edebi esasyny ýazyp, režissýorlyk eden “Kemine” kinofilmi üçin baýraga mynasyp bolýar.
Halypa aktýor, kinorežissýor Orazmyrat Gummadow halypamyza Hormatly Prezidentimiz
tarapyndan 2009-njy ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly at dakyldy. Şol ýyldan bäri hem halypa Türkmen döwlet medeniýet institutynda biz talyp ýaşlara öz tejribelerinden, şeýle hem dünýäniň sungat kadalaryna laýyklykda bilim berdi. Bir söz bilen aýdanyňda, ol biz ýaşlara durmuşda öz ýerimizi tapmagy öwretdi we özi hakyndaky ençeme ýakymly ýatlamalary bagş etdi.
Goý halypamyzyň ruhy şat, jaýy jennetde bolsun!
Ýunus Allanazarow,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
“Ýaş wagyzçylar” toparynyň agzasy.
Teswirler