2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýinde suratkeş, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Tamara Mihaýlowna Kiselýowanyň 85 ýaş toýuna bagyşlanan ýubileý sergisi açyldy. Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde okan döwründe Türkmenistanyň görnükli nakgaşlary Aýhan Hajyýewden we Igor Poýdadan alan çeperçilik tilsimleri Tamara Kiselýowanyň çeperçilik ýoluny saýlamaga uly itergi bolýar.
Bu sergide ussat suratkeşiň tebigy zehininiň üsti bilen bagtyýar döwrümiziň durmuşyny taryp edýän nakgaşlyk we grafika eserleri görkezilýär. Serginiň ekspozisiýasynda suratkeşiň portret, peýzaž, durmuşy žanrlaryna degişli eserlerinde açyk we ýyly reňkleriň sazlaşygy peýdalanylyp, güneşli Diýarymyzyň tebigatyny, howasyny we gözel keşbini hakykylyk bilen şekillendirýär. Tamara Mihaýlowna Kiselýowanyň irki döredijiligini şöhlelendirýän “Halyçylar” (1983 ý.), “Gerkez obasy” (1986 ý.) akwarel eserleri, “Bahar pasly” (1965), “Enelik” (1980 ý.) ýaly linograwýuralary grafika sungatynyň dürli görnüşlerini inçe duýgulylyk bilen ýerine ýetirýar. Nakgaşyň döredijiliginde gülleriň şekillini ter ýaly edip şekillendirmegi her bir tomaşaçynyň nazaryny özüne çekýär. Muňa mysal edip, “Irisler” (2012 ý.), “Bägüliň açylan pursady” (2016 ý.) we başga-da birnäçe peýzaž eserlerini degişli edip bolýar.
Suratkeşiň “Sambo boýunça dünýä çempiony Jennet Geldibaýewa” (2017 ý.), “Döwlet senasy. Gülbadam Babamyradowanyň portreti” (2017 ý.) ýaly nakgaşlyk eserlerinde türkmen türgenleriniň durmuşynda uly orun tutan we Aziada-2017 bilen baglanyşykly tolgundyryjy pursatlary görkezilip, ýeňiji gyzlarynyň buýsanjyny şöhlelendirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmen bedewleriniň gözelligini, ýyndamlygyny, seýkin basyp gelişlerini şekile geçirýän dörediji sungat ussatlaryna uly baha berip, olara giň mümkinçilikler döredýär. Bu bolsa sungat ussatlarynyň täze-täze eserlerini döretmäge ýol açýar. Her bir halkyň ýüzi, onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenýär. Şol maddy gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwünhoşy, gözelligiň göwher gaşy bolan behişdi bedewlerimizdir. Gözellikde, ýyndamlykda, wepadarlykda öçmejek yz goýan, toý-dabaralarymyzyň bezegi, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiz bu günki gün uly şan-şöhrata eýedir.

Bedewlerimiziň keşbi şekillendiriş sungatynyň, ýagny heýkeltaraşlyk, nakgaşlyk we beýleki ugurlarynda diýen ýaly şekillendirilýär. Milli öwüşginlere baý sungat eserleri bilen, ýagny ýyndam türkmen bedewleriniň keşbini öz eserleriniň naýbaşysy edip saýlan, halypa suratkeş Tamara Mihaýlowna Kiselýowadyr. Ol “Ahalteke bedewleri” (2018 ý.) nakgaşlyk eserinde türkmen bedewlerimiziň keşbini örän owadan, ajaýyp reňkler bilen öwsüp duran görnüşde çekýär. Aýlawlarymyzy baglaýan ýelden ýüwrük bedewlerimiziň ýyndam keşbini, owadanlyk bilen durşuny, aýaklarynyň uzynlygy, biliniň inçeligini sünnäläp, şekile geçirýän suratkeşiň eserlerinde ajaýyplyk, özboluşlylyk öz beýanyny tapýar. Bedewleriň ähli hereketlerini jikme-jik suratlandyrýan eserlerinde bedewleriň keşbi açyk aýdyň görünýär. Ussadyň ajaýyp eserlerini synlanyňda bedewleriň üýtgeşik keşbine ýürek joşgunyny siňdirendigi görünýär. Esasan hem suratkeşimiz açyk meýdanda erkin bedewleri şekillendirýär. Gözel, owadan, ýyndam bedewlerimizi eserlerinde peýzaž, ýagny daglyk, baýyrlar, çöllük, güller açylyp duran, arassa asmanyň astynda ýerleşdirýär. Daglyk meýdanda erkin bat bilen toýnak gurap ylgap gelişleri şekillendirýär. Ýumşak işlemek bilen erkin bedewlerimiziň ajaýyp syratyny, owadanlygyny, ýyndamlygyny, uz ýöreýişlerini görkezýär. Yzky meýilnamasynda dag peýzažyny we açylyp duran bahar güllerini görkezýär. Eserini baharyň ajaýyp tämiz howasynda, asuda zeminde ýerleşdirmegi bolsa türkmen bedewlerimize has hem görk berýär. Bu eserde türkmen bedewine at şaý-şepler, esbaplar has hem görk berip, gözelligine görk goşýar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymlary we talyplary halypa suratkeşiň ýubileý sergisiniň çeperçilik gymmatyna göz ýetirip, nakgaşyň we grafikaçynyň reňkler dünýäsine aralaşmaga giň mümkinçilik aldylar.
.
Jeren Baltaýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy, | Şirin Öwezowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Sungaty öwreniş kafedrasynyň talyby. |
Teswirler