HALKARA YLALAŞDYRYJY MERKEZ

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy bezeýän ajaýyp binagärlik toplumlary, yzygiderli gurulýan edara binalary, senagat kärhanalary, zawodlar, banklar, söwda merkezleri, köp ýyldyzly myhmanhanalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň görkezijileridir. Aşgabadyň ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalary, ylmy-barlag institutlary we merkezleri, medeniýet köşkleri bolsa halkyň medeni-ruhy derejesini görkezýändir. Häzirki zaman sport desgalary bilen bolsa Aşgabat sebitiň iri sport merkezine, dünýäniň iri sport çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Soňky ýyllarda Aşgabadyň iri işewürlik, medeni we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrülmegi biziň ýurdumyzyň hakykatdan-da, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanydygyny aýan edýär.

     Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabatda bina edilýän köşkleriň, metjitleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgähleriň, medeniýet edaralarynyň we beýleki desgalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga gönüden-göni özüniň gatnaşýandygyny, soňra bolsa ol desgalar tä ulanylmaga berilýänçä, taslamalary amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri öz gözegçiligi astynda saklaýandygyny aýratyn belläp geçmek gerek.

     Hormatly Prezidentimiz özüniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan taslamalar esasynda, paýtagtymyz Aşgabady sähel wagtyň içinde «Aziýanyň dürüne» öwürmegi gazandy. Ak mermerli şäherimiz özüniň täze gurlan dolandyryş, senagat, medeniýet we ýaşaýyş jaý ulgamlarynyň gözelligi bilen göreni haýran galdyrýar. Häzirki Aşgabadyň binagärçiligi türkmen binagärçiligine we döwrebap şäher gurluşygyna mahsus bolan iň gowy däpleri özünde jemleýän aýratynlyklar bilen tapawutlanýar.

     Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň durmuşymyza ornaşdyran täzeçillikleri barada gürrüň açylanda, biz gözel paýtagtymyz Aşgabadyň gününiň peýda bolmagyny-da uly joşgun bilen dile getirýäris. Aşgabat şäheriniň gününde biz abadançylygymyzyň, berkarar döwletliligimiziň baýramyny toýlaýarys.  «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda bolsa, bu şanly senäni Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk ýubileýi mynasybetli örän giň gerimli baýramçylyk dabaralary bilen belleýäris.

Jeren ALTYÝEWA,

Magtymguly adyndaky
TDU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok