Halkara döredijilik we innowasiýa güni ilkinji gezek 2002-nji ýylyň 21-nji aprelinde dünýäniň 50-den gowrak ýurdunda bellendi. Bu baýramçylyga döredijilik we innowasiýa çäreleri degişlidir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň goldawy bilen, 2017-nji ýylda Halkara döredijilik we innowasiýa güni resmi ýagdaýda bellenilýän halkara çäresine öwrüldi.
2017-nji ýylyň aprelinde BMG-nyň Baş Assambleýasy, Durnukly ösüş maksatnamasy tarapyndan kesgitlenen maksatlara ýetmegiň ýolunda döredijilik we innowasiýa mümkinçiliklerini açyp, Halkara döredijilik we innowasiýa gününiň döredilen kararyny kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasy halkara günleriniň sanawynyň hataryna ylym we tehnologiýa bilen baglanyşykly täze baýramçylygy döredip, bilim ulgamlarynyň wekilleriniň ünsüni döredijilikli pikirlenmäni ösdürmäge, her dürli innowasiýalary durmuşa geçirmek üçin şertler döretmäge synanyşdy. BMG-nyň nukdaýnazaryndan hut şu gün, adamzadyň üstünlikli durnukly ösüşinde möhüm faktor we dünýäniň ýüzbe-ýüz bolýan köp sanly global meselelerini ýeňip geçmegiň usulydyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýanyň 2017-nji ýylyň 27-nji aprelinde çykan A / RES / 71/284 karary bilen BMG-a agza ähli döwletleri, BMG-niň ulgamynyň guramalaryny we beýleki halkara we sebit guramalaryny, raýat jemgyýetini, şol sanda hökümete degişli bolmadyk guramalaryny bu baýram babatynda ileri tutulýan ugurlara laýyklykda, durnukly ösüşde, ykdysady-durmuş meseleleriň çözülmeginde döredijiligiň we innowasiýalaryň ähmiýeti barada habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen bellenilmegi ýola goýulýar.
.
Ezizmuhammet REJEPGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler