“365 günüň” täze dükany halkyň hyzmatynda

Paýtagtymyz Aşgabadyň söwda merkezleriniň sany ýene-de artdy. Sebäbi Garaşsyzlyk köçesiniň 50-nji jaýynda “365 gün” söwda zynjyrynyň täze dükany açyldy. Bu bolsa “365 günüň” paýtagtdaky dükanlarynyň sanynyň artmagyna, has dgrusy 9-a ýetmegine getirdi. Täze açylan dükanda müşderiler azyk önümlerinden başlap, hojalyk harytlaryny, kosmetiki serşdeleri, çagalar üçin niýetlenen önümleri, umuman aýdanymyzda özüne gerekli bolan ähli önümleri amatly bahadan tapyp bilerler. Şeýle-de bu ýerde milli aşhanamyzyň naýbaşy tagamlary hem alyjylara ýarym taýýar we dolytaýýar görnüşinde hödürlenilýär. Şeýle-de dükanda çörek we çörek önümleriniň giň görnüşleri halk köpçüligine hödürlenilýär.

Müşderileri özüne çekmek maksady bilen “365 gün” her hepdede garaşylmadyk hoş habarlar we dürli arzanladyşlar bilen müşderilerini begendirip durar. Hepdäniň duşenbe gününden anna gününe çenli bolmagy göz öňünde tutulan dürli arzanladyşlar müşderileriň gyzyklanmasyny has-da artdyrar.   

Ýatlap geçsek, şu ýylyň mart aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli gurnalan sergä “365 gün” hem işjeň gatnaşyp, özüniň 22 görnüşli önümlerini, ýagny çörek we çörek önümlerini, duza ýatyrylan, marinadlanan gök önümleri, leço, pomidor goýultmasy ýaly önümleri sergä çykardy. Bu barada türkmenportal habarlar saýty habar berýär.

Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok