Ýaşlaryň ylmy maslahaty dowam edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi tarapyndan taýýarlanan «Ykdysadyýetiň pudaklary üçin ylmy işgärleri we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Ýaş alymlar geňeşleriniň orny» atly wideomaslahatlarynyň meýilnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlary we talyp ýaşlary yzygiderli wideomaslahatyny geçirýärler. Bu asylly däbe eýerip, aprel aýynyň 16-na Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ylmy esasdaky wideomaslahatyny geçirdi. Wideomaslahatda:

1. Wekilow Wekil, halkara hukugy kafedrasynyň müdiri – «Halkara indeksli žurnallarda çap etmek üçin ylmy makalalary taýýarlamagyň basgançaklary, makalany çap etmek üçin taýýarlanylmaly resminamalar hem-de berjaý edilmeli düzgünler barada».

2. Ýazgeldiýewa Akbibi, filosofiýa we sosiologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy – «Halkara indeksli žurnallarda ylmy makalalary çap etmegiň ähmiýeti».

3. Mämmedowa Gözel, bilimi dolandyrmak magistratura maksatnamasynyň mugallymy, Ýaş alymlar geňeşiniň agzasy – «Halkara indeksli žurnallarda çap etmek üçin ylmy makalalary ýazmagyň usullary» atly işleri bilen çykyş etdiler.

Çykyşlaryň ähmiýetli taraplary dogrusynda belläp geçsek, ýokary okuw mekdepleriň professor mugallymlarynyň, magistrleriniň we ylmy işgärleriniň halkara indeksli žurnallarda makalalary çap etmek bilen bagly işleriň düzgünlerini öwrenmekde we ony çaltlaşdyrmakda ähmiýetlidir. Munuň özi bolsa, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejesindäki abraýyny artdyrmakda şonuň bilen bagly hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini ylym-bilim babatda abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak bilen bagly alnyp barylýan işleriň ilkinji ädimi bolup durýar.

Guwançmyrat AMANGELDIÝEW
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok