Täze awtobuslara ýokary baha berildi

Türkmenistanyň Prezidenti we hökümet agzalary täze ýolagçy awtobusyň rahatlygyna ýokary baha berdiler

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 16-njy aprelde geçirilen nobatdaky mejlisi tamamlanandan soň, milli Liderimiz Hökümet binasynyň daşyna çykdy hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy we ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli täze ýolagçy awtobuslarynyň gelip gowşandygyny belläp, şolaryň birine wise-premýerler bilen bilelikde mündi. Bu barada «Watan» habarler gepleşiginde aýdyldy.

Täze awtobus ýokary derejeli ilkinji ýolagçylaryny alyp, paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ýola düşdi. Ýol ugrunda döwlet Baştutany şäheriň abadanlaşdyryş işleriniň geçirilişini synlady hem-de meýilleşdirilýän köpçülikleýin arassaçylyk işleriniň alnyp barylmagynyň ähmiýetini belledi.

Biraz wagtdan täze ýolagçy awtobusy paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynyň ýanyndaky duralga gelip saklandy we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de beýleki ýolbaşçylar awtobusdan düşüp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisiniň geçirilýän ýerine tarap ugradylar.

Döwletgeldi Ýazberdiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

weterinar lukmançylgy fakultetiniň
5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok