Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde gurnamagynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleri dabaralandyrmak, wagyz etmek maksady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň 5 ugry boýunça jemleri jemlendi.
“Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – kalbymyzyň joşguny”, “Mirasymyz – buýsanjymyz”, “Mukaddesliklere sarpa”, “Şygryýetiň bilbili”, “Waspyň dillerde dessan – Arkadagly Türkmenistan” ýaly ugurlar boýunça geçirilen döredijilik bäsleşigine mirasgärler, žurnalistler, ýazyjy-şahyrlar, çeper döredijilik bilen meşgullanýan raýatlar gatnaşdylar. Bu döredijilik bäsleşiginde merdana halkymyzyň ahlak-edep ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny, maşgala mukaddesliklerini çeper we many-mazmunly beýan edýän eserleri saýlanyp alnyp, ýeňijiler yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler