Türkmen bedewiniň we alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler

Türkmen bedewiniň milli baýramy şeýle-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzda 19 — 25-nji aprel aralygynda ýokary derejede baýramçylyk çäreleri geçiriler.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylygyň maksatnamasyna görä, Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XIII halkara ylmy maslahaty “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry we dürli baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler.

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bolsa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikleriň jemleýji tapgyry geçiriler. Şeýle-de bu iki baýramçylyk ýurdumyzda ilkinji gezek bilelikde bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy bolar.

Soltangözel JUMAGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok