Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady dakyldy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady dakyldy.
Ajaýyp çapyksuwar hem-de atçylyk sungatyny oňat bilýän milli Liderimiz türkmen halkynyň ady rowaýatlara öwrülen bedewlerine ideg etmegiň, olary seýislemegiň inçe tilsimlerini, usullaryny, gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini öz toplan tejribesi bilen baýlaşdyrýar. Bu bolsa mähriban Prezidentimiziň seýislän bedewlerine at çapyşyklarynda hemişe üstünlik getirýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halkymyzyň ýelden ýüwrük bedewleriniň şan-şöhratyny dikeltmekde, dünýä ýaýmakda, atly sporty we atçylyk pudagyny ösdürmekde, ahalteke atlarynyň tohumçylyk işini, olaryň syna owadanlygyny kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna bolan höwesi döretmekde, atlary seýislemekde bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny, ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda halypa çapyksuwarlaryň arasynda bedewe ezberlik bilen erk etmekde, öz seýislän bedewlerinde ýokary çapyksuwarlyk ussatlygyny görkezip, bäsleşikleriň yzygiderli ýeňijisi bolýandygyny, şeýle hem «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň towakganamasyny we giň halk köpçüliginiň isleg-arzuwlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyny dakmaly.
Teswirler