Düýeler üçin swetofor oturdyldy

Hytaýyň Dunhuang şäheri Gansu welaýatynda ýerleşýär. Dunhuang soňky ýyllarda jahankeşdeleri bir ýere jemleýän şäherleriň hatarynda tanalýar.  Şäherde jahankeşdeler we düýeler üçin niýetlenen swetofor oturdyldy.

Swetofor 2 reňkden ybaratdyr. Düýäniň şekili bolan ýaşyl reňk ýananda düýeler ýoldan geçýärler.

Adamyň şekili goýulan gyzyl reňk bolsa jahankeşdeler üçin niýetlenendir.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin oturdylan bu swetofor dünýäde düýeler we jahankeşdeler üçin oturdylan ilkinji swetofordyr.

Atageldi ABDYSETDAROW,
TDBGI-niň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok