Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşmagynda Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Çandybil şaýolunyň ugrunda gurlan Maslahatlar merkezini ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän meşhur “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy bina etdi.
Şanly waka mynasybetli bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, milli parlamentiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de BMG-niň we onuň düzümleriniň wekilhanalarynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Maslahatlar merkeziniň umumy meýdany 47 müň 464 inedördül metre barabardyr. Bu äpet binanyň beýikligi 38,65 metre, uzynlygy 190 metre barabardyr. Onuň gurluşygy üçin 9,37 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Ýaşyl zolagyň meýdany 46 müň 23 inedördül metre deňdir.
Maslahatlar merkezinde ähli şertler döredildi, şol sanda sebit hem-de dünýä derejesindäki forumlary, duşuşyklarydyr gepleşikleri, şeýle hem metbugat maslahatlaryny we beýleki çäreleri geçirmek üçin bu merkez öňdebaryjy kompýuter we beýleki tehniki enjamlar, sanly tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi.
Bu ýerde 500 orunlyk sammitler zaly ýerleşýär. Zalda şeýle hem 80 orunlyk stoluň başynda gepleşikleri geçirmek üçin mümkinçilik döredildi. Mundan başga-da bu ýerde 403 orunlyk multimediýa zaly, metbugat, resminamalara gol çekmek, dynç almak üçin zallar bar.
Maslahatlar merkeziniň içki bezeginde häzirki zaman suratkeşleriniň nakgaş eserleri ulanyldy, şeýle hem ussat halyçylarymyzyň dokan guş gölli halylary binanyň otaglaryna aýratyn görk berýär. Bularyň ählisi reňkleriň köpöwüşginliligi bilen birlikde, binanyň bezegine özboluşly öwüşgin çaýýar.
Yslam Tyllanurow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň dekany.
Teswirler