ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA DÖREDIJILIKLI BÄSLEŞIK

Türkmeniň geçmişden aýdylyp gelinýän, “At saklamak – han saklamak”, “Öýüm bar – ülkäm bar, daýym bar – dünýäm bar, atym bar – kuwwatym bar” ýaly birnäçe aýtgylara hormat goýmak bilen, Gahryman Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow behişdi bedewlerimizi sarpalap, “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly kitabynda türkmen bedewiniň ajaýyp keşbini, Ýer ýüzünde parahatçylyga, halklaryň arasyndaky dost-doganlyga, durmuşyň baş baýlygy hasaplanylýan sagdyn durmuş ýörelgesini wasp edýär. Hormatly Prezidentimiz milli medeni mirasymyzy, gözel topragymyzy, ýyndam türkmen atlaryny göz öňüne getirip, öz buýsanjyny, bedewlere bolan hormatyny wasp etmek bilen “Bedew” atly şahyrana şygryny öz halkyna ýetirdi.

Bedew – bu baýlyk hökmünde we tohum atlarynyň şu güne çenli ýetirilmegi bilen gymmaty has ýokary hasaplanylýar. Her bir türkmen bu ajaýyplygy sungatyň dürli ugurlary boýunça waspyny ýetirýärler. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen halkynyň “Milli bedew” baýramyny dabaraly geçirmekleri bilen, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Türkmen bedewine bagyşlap bäsleşik sergisi gurnalýar. 

Şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, binagärlik we beýleki milli sungat ugurlary boýunça bilim alýan talyplarynyň we halypa mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallym we talyplarynyň, Aşgabat şäher Ýagşymyrat Kakaýew adyndaky nebit-gaz uniwersitetiniň mugallymynyň, Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň, Balkan welaýat Çagalar sungat mekdebiniň mugallymynyň, Ahal welaýat Gökdepe etrap 33-nji orta mekdebiniň mugallymynyň, Ahal welaýat Babadaýhan etrabynyň “Ak altyn” sungatynyň mekdebiniň mugallymlarynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymynyň, Daşoguz welaýatynyň Gumdag etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň mugallymynyň, Aşgabat şäheri ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň mugallymynyň, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymynyň, Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna goşulan ussat suratkeşleriň, Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň önümçilik we hil boýunça hünärmenleriň gatnaşmagynda “Şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýlarynyň keşbi” atly döredijilikli bäsleşik sergisinde ahalteke bedewlerini we alabaý itlerini buýsanç bilen, höwes bilen döredijilik eserlerinde wasp etmäge çalyşýarlar. Bu ugurlaryň içinde nakgaşçylyk ugryna degişlilikde Çaryýewa Ogulaýyň türkmen alabaýyna bagyşlap, täze mermere beslenen ak jaýlaryň içinden wepalynyň heýkeli dikeldilendigini, onuň buýsanjyny öz eserinde hem keşplendirmegi maksat edinýär. Mundan başga-da, Weliahmedow Kamiliň, Amatyýew Keramatyň,  Garaýewa Güljahanyň, Geldiýew Ýusubyň, Gurbansähedowyň Berdisähediň, Gurdow Nurmyradyň, Haýtmyradow Rüstemiň, Haýydow Rüstemiň, Ilbaýew Parahadyň, Tagandurdyýewiň Parahadyň eserlerini mysal getirilmeklik bilen ýagty reňklerde Aşgabadyň dürli künjeklerinde ornaşan alabaýlaryň, behişdi bedewleriň owadan pursatlary janlandyrylýar.

Grafika ugryna degişlilikde Gurbanowa Leýliniň, Atakowa Mahymyň, Soýunowa Oguljumanyň, Soýunowa Oguljumanyň, Rejepowa Suraýyň eserlerinde ak-garanyň gapma-garşylygynyň sazlaşygyny, olarda açylyp görkezilýän pursatlarda oba durmuşynda, şäher durmuşynda bedewleriň, alabaýlaryň, mele topragyň, dury asman astynda ýaýnaýan çagalaryň edýän hereketleri şekillendirilip, dizaýn eserlerinden Atdaýewa Jahanyň, Beşerow Seýranyň, Goşaýewa Annasoltanyň we beýlekileriň eserlerinde hem dürli çig-mallaryň üsti bilen bezeg işlerini ýerine ýetiripdirler. Binagärlik sungatynda birnäçe täze taslamalaryň düzülmegi esasynda, Toýlyýew Nowruzyň, Durdymämmedowa Merýemiň, Gullaýewa Mährijemalyň, Dursunowa Aýnuryň we beýlekileriň gatnaşmagynda adamlaryň oňyn we arassa, owadan ýerlerde ýaşamaklary üçin niýetlenilen kaşaň binalaryň toplumynda, uly ýadygärlikleriň keşbinde, dynç alyş merkezleriniň we çagalaryň dynç almaklary, okamaklary üçin, söwda merkezlerinde türkmen alabaýynyň we bedewleriň keşbini ulanýarlar. Olarda täsir galdyryjy keşpleri görmeklik bilen gijelerine ýanýan çyralar, olara gözellik çaýýar.

“Amaly-haşam sungaty” kafedrasyndan Gylyçlyýewa Baharyň, Nazarowa Mähriniň, Haşyrowa Gülnabadyň, Jabbarowa Zuhranyň, Begatowa Maralyň we başga-da birnäçe talyp we mugallymlaryň halyçylyk, zergärçilik, kulalçylyk, gobelen sungatyna degişli bolan eserlerinde, sungatyň dürli tärlerini öwrenmeklik bilen çäklenmän, eýsem  hakykaty suratlandyrýan (realistik) şekillendiriş sungatynyň hem çylşyrymly tärlerini özleşdirýärler.

.

Bahar Magtymowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň “Sungaty öwreniş”
kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok