Maslahatlar Merkezi hem-de Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Maslahatlar Merkezi hem-de Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu dabaraly çärä hormatly Prezidentintimiz  Gurbanguly  Berdimuhammedow gatnaşdy.

Aşgabadyň günorta böleginde açylyp ulanylmaga berilen nobatdaky täze bina milli senenamamyzyň şanly senesine – Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Paýtagtymyzyň Çandybil şaýolyna iň döwrebap derejedäki Türkmenistanyň Maslahatlar Merkezi  hem-de Kabul ediş merkezi atly täze bina göçüp geldi. Tebigy dag görnüşleriniň alkymynda döwrebap binalaryň haýran galdyryjy gözýetimine sazlaşykly ornaşyp, giň gerimli toplum gündogar binagärliginiň iň oňat däplerini hem-de dünýä şähergurluşygynda soňky gazananlary üstünlikli utgaşdyryp, nurana, milli öwüşginleri özünde jemleýär. Döwrebap binalaryň daşky bezegleri häzirki zamanyň gözellik derejesine bildirilýän talaplara laýyklykda, ýokary hilli serişdelerden ýerine ýetirildi.

Orazmyrat Hemraýew,
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň
Halkara Gatnaşyklary Institutynyň  talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok