Küştçi doganlaryň üstünligi

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň “Metaschool” halkara küşt boýunça onlaýn konkursy we turniri geçirildi. Bu geçirilen halkara bäsleşigineTürkmenistanly küştçiler, ýagny, Mary welaýatynyň 25-nji orta mekdebiniň okuwçylary doganlar Agajan we Wepa Begliýewler hem gatnaşdylar. Welaýatyň 1-nji sport mekdebinde Ejegyz Ýalkanowadan tälim alýan doganlar häzirki wagtda ady agzalan orta mekdepde bilim alýarlar. Agajan häzirki wagtda 4-nji synpda okaýar we ol küşt bilen 8 ýaşyndan bäri gyzyklanyp gelýär. Wepa bolsa orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy bolup, 7 ýaşyndan bäri küşt oýnaýar.

Her aýda iki gezek geçirilýän “Квалификационный шахматный онлайн-турнир” atly bäsleşigiň 2021-nji ýylyň mart aýynyň 21-inde geçirilen tapgyryna Wepa Begliýew gatnaşdy. Bu ýaryşyň jemi 98 sany gatnaşyjysy bolup, Wepa 5 derejeli razrýad derejesi berildi we tassyklaýjy sertifikat gowşuryldy.

Aprel aýynyň 11-inde “XLVIII Тренировочный онлайн турнир” atly bäsleşige bolsa doganlaryň ikisi hem gatnaşyp, 83 gatnaşyjynyň içinden 3-nji orny almagy başardylar. Bu turnir şweýsar stilinde geçirildi.

Her aýda bir gezek geçirilýän konkursyň aprel aýynda geçirilen tapgyryna Wepa gatnaşyp, müň ýaryma golaý gatnaşyjynyň içinde 2-nji derejeli diploma mynasyp boldy. Bu konkurs her aýda dürli göçümler boýunça geçirilip, aprel aýynda “Мат в один ход” görnüşi boýunça geçirildi.

Geljekde hem küştçi doganlar ýurdumyzyň içinde we daşynda geçirilýän şeýle halkara derejedäki sport ýaryşlaryna gatnaşmagy öz öňlerinde maksat edip goýýarlar.    

Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok