Gozgalmaýan emläk gullugynyň resmi saýty döredildi

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň hyzmatlaryndan onlaýn peýdalanmaga mümkinçilik berýän resmi web saýty işläp başlady. Bu barada «Turkmenportal» habar berýär.

Berilýän hyzmatlardan peýdalanyp, gozgalmaýan emläk hukugyny bellige almak üçin onlaýn nobata durup, döwlet sanawyndan göçürme we şahadatnama sorap bolar.

Täze ulgam arkaly kabul edilişik wagtyny saýlamaga hem mümkinçilik bar. Munuň üçin ulanylmak islenilýän hyzmaty we bölümi, senesini, wagtyny saýlap, şahsy maglumatlaryny girizmeli. Giriş hasaba alnansoň, ýüz tutan adamyň görkezen telefon belgisine kod ugradylýar we elektron petek berilýär.

Görkezmelere laýyklykda, saýlanan wagtdan 10 minut öň bu ýere gelmeli.

Täze web saýtda ýerleşdirilen köp sanly bölümler onuň mümkinçilikerini artdyrýar.

Daýançmämmet Şiriýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

Ýol gurluşygy fakultetiniň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok