Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär mekdebinde ylmy-ekologiki we medeni çäresi geçirildi

“Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda alnyp barlýan toplumlaýyn, umumy göwrümli we uzak möhletleýin, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini sazlaşdyrmaga, ýaşlaryň sagdyn-arassa ruhubelent mirasdarlarymyzy ýetişdirmäge gönükdirilendir.

Şu gün  Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ýolbaşçy  edarasynyň we Ahal welaýat bölüminiň hünärmenleri bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň gatnaşmagynda  «Ekologiki bilimleri we Bütindünýä Ýer güni»atly ylmy-ekologiki we  medeni çäresi geçirildi.  Okuw mekdebiň mugallym-talyplary “Arkadagyň ekologiýa taglymaty, Janly toprak: Ekologiýa nukdaý nazardan garaýyş, Türkmenistanyň,  Halkara guramasy bilen Daşky gurşawy goramak baradaky Konwensiýalary, Türkmenistanyň Ýer baýlyklaryny goramak we tygşytlamak baradaky kanunlary, Bereketli türkmen topragy” atly temalar boýunça  çykyş etdiler.

Medeni çäräniň ahyrynda mekdebiň mugallymy, geografiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Orazdurdy Saparowa we çärä gatnaşan talyplara Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ýolbaşçy  edarasynyň adyndan minnetdarlyk  bildirilip, olara berk jan saglygy, okuwlarynda  hem-de durmuşda egsilmez üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw edildi.

Mähriban halkynyň aladasyny ilkinji orunda tutýan, bize işlemäge ýaşamaga gowy durmuşy peşgeş eden  Hormatly Arkadagymyza berk jan saglygyny, uzak ömür, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň we ynsanperwerliginiň dabaralanmagyna gönükdirilen beýik işlerinde ägirt uly üstünlikleri  tüýs  ýürekden   arzuw edýäris.

.

Mähri Ballyýewa,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok