Türkmenistan we Bütindünýä banky ýurduň hususy pudagyny ösdürmek üçin täze taslamalary ara alyp maslahatlaşýarlar

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow we Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitleri boýunça wise-prezidenti Anna Bjerde bilen geçirilen duşuşygynda Türkmenistanyň Bütindünýä banky bilen ýurduň hususy pudagynyň ösüşini goldamak üçin özara gatnaşygy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu baradaky habary orient.tm habar saýty ýetirýär.

Habar saýtyň bellemegine görä, bu özara gatnaşyklaryň perspektiwaly ugurlarynyň biri miwe-gök önümleri ösdürip ýetişdirmek boýunça taslamanyň ösüşi hökmünde beýan edildi.

Türkmenistan, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda hususy işewürlik pudagyny giňeldip, bazar özgertmelerini yzygiderli durmuşa geçirýär. Soňky ýyllarda çig maly gaýtadan işlemek kuwwatyna, şol sanda uglewodorod däl pudaga gönükdirilen ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa etmek amala aşyryldy we erkin ykdysady zolaklar döredildi.

Bularyň hemmesi Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlykda täze mümkinçilikleri döredýär, şol sanda ýurtda “Doing Business” taslamasynyň durmuşa geçirilmegine goldaw berýär.

Häzirki ýygnakda Türkmenistan bilen Bütindünýä bankyň arasynda täze hyzmatdaşlygyň strategiýasyny taýýarlamak, Halkara Maliýe Korporasiýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. 2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi bilen Halkara Maliýe Korporasiýasy arasynda Hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi.

Resminamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi IFC-iň ýurduň hususy pudagy bilen özara täsirini üpjün edýär. Bu nukdaýnazardan, türkmen tarapy, hususy pudagyň talaplaryny we maliýeleşdirmegiň şertlerini kesgitlemek üçin wideokonferensiýa görnüşinde işewürler bilen Halkara Maliýe Korporasiýasynyň wekilleriniň duşuşygyny gurnamaga taýýardygyny aýtdy.

Güljemal ARRYKOWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok