Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Guseýin Muhtarowyň “Söýgi bar ýerinde…”, (Gunça) atly spektakly görkezildi. Bu spektaklda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Teatr sungaty” fakultetiniň “Aktýorçylyk sungaty” hünäriniň II ýyl talyplary çykyş edip, Türkmenistanyň halk artisti, professor Nurmuhammet Keşşikowyň režissýorlyk etmeginde halk köpçüligine görkezildi. Bu spektakl aprel aýynyň onuna iki gezek, ýagny, 16:00-da we 19:00-da tomaşaçylary garşy aldy. Teatryň Baş ýolbaşçysy Täçmämmet Amangulyýewiň aýtmagyna görä, şol günki teatryň hasabyna giren ähli girdejiler Hormatly Prezidentimiziň göreldesinden gözbaş alyp, haýyr-sahabat maksady bilen Döwletliler köşgüniň hasabyna iberilipdir.
Gysgaça sahnanyň özi barada belläp geçsek, ol iki maşgalanyň özara gatnaşygy, dostluk, talyp durmuşy, ýaş we “ýaş däl” söýgi ýaly temalary öz içine alýar. Sahnanyň saz we yşyk bezegleri hem oňa aýratyn täsir berip, tomaşaçylary hyýallar ummanyna gark edýär. Dowamlylygy 1 sagat 30 minuda golaýlaýan bu spektakly ähli ildeşlerimize görmegi maslahat berýäris! Şeýle-de, bu talyplar teatrynda institutymyzyň beýleki ýyllaryndaky talyplarynyň we olaryň çeper ýolbaşçylarynyň taýýarlan “Oskar”, “Oýun bir, maza iki”, “Söýgi bizi halas eder”, “Arşyn mal alan”, we “Gülki agşamy” ýaly sahnalaryna hem tomaşa edip bilersiňiz. Teatr we ondaky spektakllar barada doly maglumaty almak üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň www.turkmenteatrlary.gov saýtyna seredip bilersiňiz!
Mähriban ATANIÝAZOWA, Zebo BABAJANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary.
Teswirler