Sanly ykdysadyýetiň kadalaşdyryjy – hukuk üpjünçiligi

Sanly ykdysadyýeti kemala getirmek uzak we çylşyrymly iş bolup, ony diňe bir administratiw çemeleşmeler arkaly ýa-da diňe bazar mehanizmlerine daýanmak bilen amala aşyrmak mümkin däl. Sanly ykdysadyýete geçmegiň guramaçylyk-hukuk çäreleri aýratynlykda alnanda hem bazar mehanizmlerine hem-de administratiw usullara gollanyp amala aşyrylmalydyr. Administratiw çemeleşmeler döwletiň ýolbaşçylygynda sanly ykdysadyýetiň infrastrukturasynyň döredilmegini we ykdysady subýektleriň zerur bolan sanynyň döredilmegine esaslanýar. Bazar mehanizmleri döwletiň sanly ykdysadyýetiň ösmegi üçin oňaýly şertleri döretmegini we hususy ulgamy şeýle şertlerden peýdalanmaga höweslendirmeklige esaslanýar.

Bu ulgamy ösdürmek diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl-de, eýsem häzirki döwürde bütin dünýäniň ykdysady jemgyýetçiliginiň öňünde durýan esasy möhüm wezipedir. Hünärmenler sanly ykdysadyýeti häsiýetlendirýän bäş sany esasy häsiýetli alamatlary tapawutlandyrýarlar. Olaryň ilkinjisi hökmünde sanly ykdysadyýetiň platformalaryna  esaslanýan ykdysady işidir. Platformanyň esasynda ýerine ýetirilýän bu işler onuň öndürijilerine sarp edijiler bilen göni aragatnaşykda bolmak arkaly isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Platforma işewürlik modeliniň esasynda işini gurnaýan kompaniýalarynyň mysaly hökmünde Uber и Airbnb ýaly kompaniýalary görkezmek bolar.

Ikinji model personifisirlenen hyzmat modelidir. Bu ýerde Big Data, targetirlenen marketing, 3D çap etme ýaly tehnologiýalar ulanylyp, olar her bir müşderiniň islegini aýratynlykda kanagatlandyrmaga gönüklendirlendir. Üçünji model öndürijiler bilen sarp edijileriň biri-biri bilen göniden-göni özara gatnaşykda bolmagyny üpjün edýär. Mysal hökmünde СroudMortgage, telefon programma üpjinçiligini görkezmek bolýar.

Dördünji modeliň düýp manysy ykdysadyýetde bilelikde peýdalanmagy ýaýratmakdan ybaratdyr. Bäşinji model bu şahsy gatnaşyjylaryň uly goşandynyň we ornunyň bolmagyna esaslanýan modelidir. Mysal üçin erkin ýerine ýetirijileriň öz şertnamalaýyn borçnamalaryny autsorsingde ýerine ýetirmegini, şeýle hem СrowdFunding başlangyçlary (kiсkstarter.сom, planeta.ru) degişlidir.

Häzirki wagtda dürli durmuşy ýagdaýlaryň çözgüdini tapmak üçin raýata döwlet dolandyryş edaralary bilen fiziki aragatnaşyga girmek zerurlygy bar. Eýýäm çaga dogluş merkezinde çaganyň doglandygy baradaky maglumat «maglumatlaryň okeanyna» düşýär, ol ýerde onuň «sanly ekiztaýy» emele gelýär. Platforma hyzmatlary raýatlara dürli hyzmatlary hödürläp başlaýarlar. Mysal üçin, çaganyň dogulmagy bilen bagly berilýän kömek pullaryny onuň ejesiniň şahsy hasabyna geçirmek, çaganyň ata-enesiniň ýaşaýan salgysyna çaganyň dogluş hakyndaky şadatnamasynyň ugradylmagy «ýaşaýjylaryň elektron reýestrini» awtomatik usulda täzelemek we çagany mekdebe çenli çagalar edarasyna ýazmak. 16 ýyl geçenden soňra platforma serwisi çagany pasport almak üçin ilaty pastportlaşdyryş  we hasaba alyş gulluga çagyrýar. Çaganyň kemala gelşi we ösüşi barada maglumatlaryň girizilmegi bolsa, olary geljekde haýsy ugur boýunça taýýarlamagy çaklamaga mümkinçilik berýär.

.

                                                                                        Ahmet TAGANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok