Gündogaryň beýik akyldary Alişir Nowaýynyň heýkeli Günorta Koreýada gurulýar. Ony “Malong Company” şereketiniň wekilleri döredýärler. Bu barada turkmenportal web saýty habar berýär.
Heýkeliň asyl nusgasy doly derejede ýasaldy, häzirki wagtda bürünçden ýasamak işleri ýokary derejede alnyp barylýar.
Heýkel meşhur heýkeltaraş Park Kýong Dal-yň işidir. Heýkeltaraş söhbetdeşlikde «Dünýä halklarynyň edebiýatynyň beýik wekili Alyşir Nowaýynyň keşbini döretmeklik hormatyna eýe bolanyma örän şatdyryn» – diýip belleýär.
Maý aýynda açyljak Alişir Nowaýynyň heýkeliniň esasy binýady ak mermerden dikeldiler.
Begmuhammet ANNALYÝEW
TDBGI-niň talyby
Teswirler