TMCELL ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Mukaddes Remezan aýynyň gelmegi mynasybetli “Oraza” atly USSD hyzmatyny ýola goýdy. Bu hyzmatda her abonentler agyz beklemegiň we açmagyň wagty bilen tanyş bolarlar.
Bu ýerde her welaýatyň öz USSD kody ýerleşdirilen. Haýsy welaýatyň agyz beklenilýän we agyz açylýan wagty gerek bolsa degişli kody el telefonuna girizip jaň düwmä basmaly.
Aşakda bellenilen kodlary öz telefonyňyzdan girizip Aşgabat şäheriniň we welaýatlarda agyz beklenilýän we açylýan wagtlary bilen tanyş bolup bilersiňiz:
Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri 08701#
Balkan welaýaty 08702#
Daşoguz welaýaty 08703#
Mary welaýaty 08704#
Lebap welaýaty 08705#
Röwşen BABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby
Teswirler