Russiýa – Türkmenistan – sungat we dostluk atly onlaýn maslahaty geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen halkara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän beýik işler uly ruhybelentlige beslenýär. Türkmenistan Watanymyz dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň hem-de ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanalýar. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzda halkara onlaýn maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär.

2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Igor Burganow adyndaky sungat akademiýasynyň wekilleriniň arasynda “Russiýa – Türkmenistan – sungat we dostluk” atly onlaýn döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory Nurýagdy Ýagşymyradowyň ýolbaşçylygynda alnyp baryldy.

Duşuşyk maslahatynda Russiýa Federasiýasynyň Igor Burganow adyndaky sungat akademiýasynyň ýolbaşçysy Igor Burganow  özüniň hoşallygyny bildirip, medeniýetde we sungatda dotlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilişi barada hem-de özüniň sungata bagyşlanan täze kitabynyň tanyşdyrylyşy bilen çykyşyny dowam etdi. Igor Burganow söz gezegini Moskwanyň belli binagäri Nikolaý Lýutomskä geçirdi. Nikolaý Lýutomskiý öz çykyşynda döwredijilik işleri bilen ýagny, Moskwa şäherinde gurlan orta mekdebiniň meýilnamasy bilen içgin tanyşdyrdy. Soňra çykyş etmek gezegi Moskwanyň sungat akademiýasynyň sungaty öwreniji alymy Lýudmila Nikolaýewnanyň art-terapiýa sungaty baradaky çykyşy bilen dowam etdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy Sergeý Baženow özüniň teswirlemesi bilen we “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymlary Azat Annaýew “Aşgabat şäheriniň köne we täze heýkel ýadygärlikleri” atly çykyşy, Jeren Baltaýewa “Türkmen sungatynda reňkleriň orny” atly çykyşy bilen onlaýn maslahaty dowam etdi. Maslahatyň ahyrynda sungat döredijilik işleri bilen baglanyşykly yzygiderli duşuşyklaryň geçirilmegi boýunça teklipler boldy.

.

Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly ylmy işgäri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok