Alymlar global ýylylyga garşy dünýäniň “iň ak” boýagyny döretdiler

Alymlar Günden Ýere gelýän şöhleleriň adam tarapyndan döredilen gurluşlara zeperini peseltmek şeýle-de ol gurluşlarda ulanylyp bilinjek dünýäniň iň ak boýagyny döretdiler. Bu işlenilip döredilen ak reňk üstüne düşýän ýagtylygy doly derejede zepersizlendirýär.

Alymlar ençeme ýyl bäri hakyky “gara” reňki döretmek üçin köp işlediler we netijede “wantablack” diýlip atlandyrylýan gara reňki almaklygy başardylar. Bu gara reňk görünýän ýagtylygyň 99,9 göterimini özüne siňdirýär. Şeýle-de bolsa, alymlar topary mundan soň has ak reňki almaga girişdiler.

“ACS amaly materiallar we interfeýsler” gazetinde çap edilen täze gözlegde kagyz we kosmetika önümçiliginde ulanylýan bariý sulfat esasly ak reňk ýüze çykaryldy we bu ak reňkiň ýagtylygy 98,1 göterim görkezýändigi aýdylýar.

Aýgül AMANGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok