Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2021-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, oba hojalyk önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Şu ýyl Türkmenistanda 18 müň 300 gektara şaly ekmek meýilleşdirildi we şondan 82 müň 400 tonna hasyla garaşylýar. Daşoguz welaýatynda 8 müň 100 gektardan 35 müň tonna, Lebap welaýatynda bolsa 10 müň 200 gektardan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu barada TDH habar berýär.
Ýolbars Weliýew,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler