Döwrebap şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda döwrebap şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. Şäherçeleriň gurluşygy 5 ýylyň dowamynda degişli resminamalara laýyklykda tapgyrma-tapgyr alnyp barlar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti gabar berýär.

Taslama laýyklykda Halaç etrabynyň çägindäki 1000 hojalyga niýetlenilen şäherçe üçin 200 gektar ýer bölünip berildi. Täze şäherçede bir gatly bäş otagly jaýlaryň 641-si, iki gatly 3-4 otagly jaýlaryň 359-sy, hersi 640 orunlyk orta mekdepleriň ikisi, hersi 320 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi gurlar. Täze şäherçäniň gurluşygyna hususy gurluşyk kärhanalary gatnaşýarlar. Halaç etrabynyň baş binagäri Batyr Allakulyýew häzirki wagtda «Güneşli gadam», «Tiz akym», «Ýeňişli ýollar», «Dana gurluşyk», «Rahat zaman», «Rowaçly täjir» ýaly hususy kärhanalaryň gurluşykçylarynyň paýly we ýeňillikli karz tölegleri esasynda ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň gurluşygyny tamamlandyklaryny aýdýar. Ýene-de jaýlaryň 10-synyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Täze şäherçe ilatyň ýaşaýyş-jaý şertlerini has gowulandyrar.

Mähriban Egemberdiýewa,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok