Degirmen halkymyzyň gadymy senetleriniň biridir. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde biziň eýýamymyzyň II-III asyrlaryna degişli bolan ýadygärliklerinden el degirmeniniň daşlary tapylypdyr. Taryhçy alymlar hatda ondan öňem degirmeniň bolandygyny subut edýärler. Daş asyrynda (neolit döwründe) ekerançylykda ençeme rewolýusiýa bolup geçipdir. B.e.ö. VIII-VII müňýyllygyň sepgidinde, Merkezi Aziýada ilkinji oturymly ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolnup ugralandygynyň alamaty Aşgabadyň 28 kilometr demirgazyk-günbatarynda Jeýtun ýadygärliginde ýüze çykaryldy. Ol ýadygärlik Jeýtun medeniýeti ady bilen dünýä meşhur boldy. Jeýtunlylar ak bugdaýy ilkinji ösdürip ýetişdirenler hasaplanylýar. Olar ýygnalan dänäni üwemek üçin sokudaşy we degirmen daşyny peýdalanypdyrlar.
Degirmenler kämilleşip, ata-babalarymyzyň hojalyk durmuşynyň möhüm kysmyna öwrülipdir. Olaryň iki görnüşi bolupdyr: suw we el degirmenleri. Bular halkymyzyň medeni we taryhy mirasynyň ajaýyp ýadygärlikleridir. Degirmenler tä XX asyryň ikinji ýarymlaryna çenli halkymyza hyzmat edip geldi. Türkmenlerde degirmen gurdurmak, satmak, çalyşmak, işletmek, oňa eýeçilik etmek ýaly meseleler adat esasynda çözülipdir.
Suw degirmenleriniň işi üçin suw zerur bolupdyr. suw aýratyn köp mukdarda we güýçli akym bilen gelip, 100 kilograma barabar bolan degirmen daşlaryny herekete getiripdir. Şeýle degirmeni gurmak üçin köp harajat çekmeli bolupdyr. Taýýar degirmeni satyn almak juda gymmat bolupdyr. Suw degirmeni eýesine köp girdeji beripdir. Degirmen miras boýunça ogla geçipdir. Şeýlelikde, degirmeni barly, baý adam ýa-da iki-üç bolup saldyryp, eýeçilik edipdirler. «Degirmen – ýedi hazynanyň biri», «Degirmenim – bezirgenim» diýlen aýtgylaryň il içinde meşhur bolmagy hem şunuň bilen baglydyr.
Daşlar – suw degirmeniniň iň esasy bölegi. Degirmeniň «ýüregini» suwa deňesek, «tenini» daşa deňäp bolar. Halkymyzyň «Dişsiz agyz – daşsyz degirmen» diýen nakyly hem şu ýerden gelip çykýar. Degirmeni işledýän adama «degirmençi», «harazban», esasan hem, «kilwan» diýipdirler.
Suw degirmenlerini, mümkingadar, obanyň gyrasynda, baýyr eteginde, uly ýollaryň çatrygynda gurupdyrlar. Sebäbi degirmene un çekmäge köp märeke, şol sanda, uzak obalardan, alys etraplardanam atly, eşekli gelipdirler. Degirmende nobat hem hökmany bolupdyr. Nobatyň birnäçe güne ýetenligine şu nakyl hem şaýatlyk edýär: «Degirmen gezegini geçiren, günajy galar…»
Türkmen durmuşynda el degirmenleri hem uly ähmiýete eýe bolupdyr. Olarda az mukdarda gerejik unuňy üwäp bolýan eken. El degirmeninde işlemek agyr zähmeti talap edipdir. Olary islendik ýerde gurnap, hiç kime hiç zat tölemän, günüň islendik wagtynda ulanmak mümkin bolupdyr. Olarda, esasan, zenanlar işläpdir. Elmydama taýyn, ýeňil gopýan, ýetişikli ýaş gelin-gyzlara «El degirmeni ýaly» diýilýän ekeni.
Häzirki wagtda degirmenler muzeý gymmatlyklarynyň hatarynda orun tapdy. Bu zähmet guralynyň ýerini XXI asyryň ösen tehnologiýalary eýeledi. Şeýle bolsa-da, degirmenler milli mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegidir.
Muhammet SÜLEÝMANOW,
Magtymguly adyndaky
TDU-nyň Taryh hünäriniň talyby.
Teswirler